Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistanda bir hepdäniň dowamynda 30 birža geleşigi hasaba alyndy

Türkmenistanda bir hepdäniň dowamynda 30 birža geleşigi hasaba alyndy

1.179k
21 Iýul. 10:37

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 30 şertnama baglaşyldy.

Daşary ýurt walýutasynda Özbegistan bilen Owganystanyň işewürleri «Türkmengaz» döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden ulag benzinini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasynda Hytaýyň, Gonkongyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri dürli görnüşli dokma önümlerini, buýan köküniň goýy ekstraktyny we guradylan garapaçak gury pilesini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 69 million 190 müň dollaryndan geçdi.

Ýurdumyzyň içki bazarynda bolsa türkmen telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserninden polipropilen we ýol gurluşygynda ulanylýan nebit bitumyny, şeýle hem dokma galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 95 million 680 müň manada deň boldy.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok