Screen not supported


Oýun sanawy

Bir günde 6 medal: Türkmen samboçylary Daşkende geçirilýän Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edýärler

Bir günde 6 medal: Türkmen samboçylary Daşkende geçirilýän Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edýärler

565
16 Aprel. 07:19

Türkmen pälwanlary Daşkende başlanan Aziýa we Okean çempionatynyň ilkinji gününde alty medal - 2 kümüş we 4 bürünç medal aldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri habar berýär.

 

Abraýly yklymlaýyn ýaryşa 23 ýurduň 600-den gowrak türgeni gatnaşdy.

 

Türkmen topary üçin kümüş medallary sport sambo boýunça (58 kg çenli) Muhammetmyrat Babekow we söweş sambo boýunça (98 kg çenli) Bezirgen Begenjow aldy.

 

Bürünç medallary erkekleriň arasynda sport sambo boýunça Sapar Döwletow (64 kilograma çenli) we zenanlar toparynyň wekilleri Aziza Nazarowa (50 kilograma çenli), Züleýha Hudaýberdiewa (54 kg çenli) we Merjen Joraýewa (59 kg çenli) gazandy.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok