Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda goşgy we makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda goşgy we makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edildi

622
19 Few. 11:35

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we “Güneş” žurnalynyň redaksiýasy “Külli ynsan hakyna belent maksat tutany – Türkmenistan – parahatlyk, ynanyşmak Watany!” atly goşgy we makala ýazmak boýunça bäsleşik geçirýär. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berdi.

Bäsleşik 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Onuň maksady – ýaş nesliň zehinli wekillerini kesgitlemek.

Şertlere görä Türkmenistandaky orta mekdepleriň okuwçylary ozal çap edilmedik goşgulary we makalalary taýýarlamalydyrlar. Olary 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli "Güneş" žurnalynyň elektron poçtasynyň gunesh_tm@sanly.tm salgysyna ýa-da Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň elektron poçtasynyň turkmenuniwersitetitdu@gmail.com salgysyna ugratmaly.

Ýeňijileriň atlary maý aýynyň başynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň web sahypasynda ýerleşdiriler.

Ýeňijiler gymmatly baýraklar we Hormat hatlary bilen sylaglanar.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok