Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistanly başlangyç “AICA Awards 2025” atly dabarada baýraga eýe boldy

Türkmenistanly başlangyç “AICA Awards 2025” atly dabarada baýraga eýe boldy

846
08 Aprel. 09:38

4-nji aprelde Daşkentde Merkezi Aziýanyň “AICA Awards 2025” atly emeli intellekt pudagyndaky ilkinji sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi. Beýik matematik al-Horezmi adyndaky bu baýrak gowşurylyş dabarasy Merkezi Aziýanyň emeli intellekt birleşigi (AICA) tarapyndan guraldy.

Alty ugruň birinde, ýagny, “Emeli intellekt ulanyp saglygy goraýyşda iň görnükli innowasiýa” ugrunda Türkmenistanly “KinesteX” başlangyjy ýeňiji bolandygyna buýsanç bilen belläp bolar. Onuň döredijisi Nikita Starow.

Bu taslama şahsy EI-li fitnes tälimçisidir. Ol adamlara islendik ýerde maşk etmäge kömek edýär we oňa gözegçilik etmek bilen bir hatarda adamy höweslendirýär, dogry ýa-da ýalňyş hereketlere görkezýär, hatda ýumoruň üsti bilen maslahat berýär.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok