Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistanyň ilçisi Irlandiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekiline ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň ilçisi Irlandiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekiline ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

1.020k
28 Awgust. 10:06

Türkmenistanyň Irlandiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýazgeldi Seräýew 25-nji awgustda Dubline iş saparyny amala aşyrdy.

Ilçi Irlandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Protokol bölüminiň başlygynyň orunbasary Ralf Wiktor bilen duşuşdy we ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda Irlandiýanyň daşary syýasat edarasynyň wekili Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we üstünlik arzuw etdi, şeýle hem irlandiýa tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Irlandiýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge özara gyzyklanmalaryny bellediler.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi