Aşgabatda 8-nji sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalar departamentiniň direktory Kirill Logwinow bilen onuň türkmen kärdeşi Röwşen Annaberdiýew BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň amaly durmuşa geçirilmeginiň bir bölegi boldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar BMG-niň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, Baş Assambleýanyň 80-nji mejlisindäki öz ileri tutýan ugurlary barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, diplomatlar «BMG-80» atly özgertme başlangyjy barada pikir alyşdylar. Bütindünýä guramasyndaky islendik üýtgeşmeleriň oýlanyşykly, netijeli bolmalydygy we BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünlerine doly laýyk gelmelidigi aýratyn bellenildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Moskwanyň we Aşgabadyň köp sanly halkara meselesi boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigi nygtaldy. Taraplar BMG-niň çäklerinde strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga, dostluga, birek-birege hormat goýmaga we biri-biriniň bähbitlerini hasaba almaga esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Çeşme: RF-nyň Daşary işler ministrligi






