Screen not supported


Oýun sanawy

Aşgabat bilen Tegeran ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdurmegiň ugurlaryny maslahatlaşdylar

Aşgabat bilen Tegeran ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdurmegiň ugurlaryny maslahatlaşdylar

1.693k
07 Awgust. 12:38

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 6-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadeg Malwajerdyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde geçdi.

 

Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar.

 

Ministrler Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň bilelikdäki başlyklary hökmünde ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi