Screen not supported


Oýun sanawy

Aşgabatda hytaý dilini öwrenmek boýunça hytaý wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda hytaý dilini öwrenmek boýunça hytaý wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

1.451k
14 Awgust. 12:13

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň Dil babatda alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk boýunça halkara Merkeziniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar hytaý dilini öwrenmekde hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek meselelerine garadylar.

Hytaý tarapy bu ugurdaky işleri, tejribe alyşmak, innowasion okuw usullaryny ulanmak we ösdürmek, şeýle hem ösen bilim tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy barada çykyş etdi. Merkeziň wekilleri hytaý dilini öwrenmekde, dürli görnüşli okuwlary guramakda we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda usulyýet kömegi bermekde hyzmatdaşlygy teklip etdiler.

Ikitaraplaýyn duşuşygyň ahyrynda daşary ýurtly myhmanlar Türkmen uniwersitetiniň nebit-gaz bölümine baryp, dil bölüminiň işi bilen tanyşdylar.

 

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti