Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatasynyň başlygy Saýed Haşemi, Türkmenistanyň maýa goýum forumynda (TIF 2025) çykyş edip, Türkmenbaşy halkara deňiz portuny goňşy ýurtdaky we beýleki ýurtlardaky marşrutlar bilen birleşdirmek ýaly birnäçe teklipleri aýtdy. Bu barada Takyk saýtynyň habarçysy habar berdi.
Owgan wekili sebitdäki taryhy we medeni gatnaşyklar bilen baglanyşykly ýurtlar bolan Owganystan bilen Türkmenistanyň hemişe özara peýdaly hyzmatdaşlyga çalyşýandygyny aýtdy.
Saýed Haşemi "Bu konferensiýa, sebitiň ägirt uly ykdysady potensialyny ara alyp maslahatlaşmak we bilelikdäki hyzmatdaşlygyň geljegini güýçlendirmek üçin gymmatly pursatdyr. Strategiki taýdan amatly geografiki ýerleşişi sebäpli Owganystan Merkezi Aziýa, Günorta Aziýa we Gündogaryň çatrygy hasaplanýar. Sebitdäki söwda, üstaşyr we energiýa baglanyşyklaryna öwrülip bileris. Owganystanyň hususy pudagy dürli ugurlardaky türkmen doganlarymyz bilen has ýakyn hyzmatdaşlyga gyzyklanýar", - diýdi.
Bu kontekstde aşakdaky ugurlar agzaldy:
Energetika we nebitgaz pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek;
Tranzit we port desgalaryny paýlaşmak, esasanam Türkmenbaşy portuny Owganystanyň we beýleki çäkleriň ugurlary bilen birleşdirmek;
Gurluşyk, oba hojalygy we azyk senagatyna maýa goýmak;
Ikitaraplaýyn we sebitleýin söwdany ýokarlandyrmak üçin gümrük we söwda platformalaryny döretmek.
Haşemi söwda we maýa goýumlarynyň diňe bir ýurduň ykdysady ösüşine goşant goşman, sebitdäki parahatçylygy we durnuklylygy güýçlendirjekdigine ynam bildirdi.
Sözüniň ahyrynda Palatanyň başlygy Türkmenistany Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy we Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.
Owganly myhman "Türkmenistanyň dostlukly halkyna, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman-Arkadaga, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, Daşary işler ministrligine, Ykdysadyýet we maliýe ministrligine öz minnetdarlygymy bildiresim gelýär we Owganystanyň ykdysadyýetiň we söwdanyň ähli ugurlarynda yhlasly we konstruktiw hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny bellemek isleýärin" - diýdi.





