Screen not supported


Oýun sanawy

Awaza BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň merkezi bolar

Awaza BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň merkezi bolar

808
18 Iýul. 10:42

2025-nji ýylyň 4–8-nji awgusty aralygynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahaty geçiriler. Bu çäre Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp ýurtlaryň mümkinçiliklerini açmak üçin innowasion çözgütleri gözlemek hem-de möhüm hyzmatdaşlyklary döretmek üçin mümkinçilikleri açýar.

Maslahatyň maksady – halkara söwda we dünýä ykdysadyýetine deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň doly derejede gatnaşmagyna böwet bolýan ulag we logistika päsgelçiliklerini ýeňip geçmegiň strategiýalaryny işläp taýýarlamak üçin platforma döretmekdir.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin ulag çykdajylary eksportyň bahasynyň 50 göterimine çenli bolup biler. Bu ýagdaý ýurtlaryň ykdysady ösüşi üçin uly päsgelçilikleri döredýär we halkara derejede toplumlaýyn çözgütleriň kabul edilmegini talap edýär.

«BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahaty ykdysady ösüş we halkara hyzmatdaşlyk ugurlarynda bu ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ýeňip geçmekde möhüm ähmiýete eýedir. Maslahat bu meseleleri çözmek üçin täze çemeleşmeleri we strategiýalary işläp taýýarlamaga, şeýle hem durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyklary berkitmäge gönükdirilendir» diýip, S. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak fakultetiniň amaly mehanika kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty Amangeldi Hallyýew belläp geçdi.