Türkmenistan we Azerbaýjan energiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin möhüm mümkinçiliklere eýe. Azerbaýjan, türkmenleriň nebit we gaz üpjünçiliginde hyzmatdaşlygyň uzak möhletli mehanizmleri barada düýpli gepleşiklere taýýardyr. Takygyň habarçysynyň habar bermegine görä, bu barada Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Sahib Nureddin Alekperow Türkmenistanyň maýa goýum forumynda (TIF 2025) aýtdy.
Spiker, geljekde uly taslamalary bilelikde durmuşa geçirmäge, üstaşyr ýollaryny ösdürmäge we içerki bazary üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy.
Alekperow "SOCAR kompaniýamyz, Türkmenistanda ýataklary özleşdirmek üçin geljegi uly taslamalara gatnaşmaga gyzyklanýar. Elektrik pudagy aýratyn ünsi çekmelidir. Azerbaýjan elektrik öndüriji we eksport ediji hökmünde ygtybarly üstaşyr geçelgesini hödürleýär. Türkmenistandan Azerbaýjana elektrik üpjünçiligini guramagyň gowy geljegini görýäris" - diýdi.
Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Gündogar-Günbatar transport koridoryny optimallaşdyrmakda we Orta koridoryň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm rol oýnaýandygyny, ministriň orunbasary mälim etdi. Alekperow ýurtlaryň arasyndaky tranzit gatnawynyň soňky ýyllarda durnukly oňyn dinamikany görkezýändigini aýtdy.






