Screen not supported


Oýun sanawy

Hytaýly professorlar Türkmenistana “Lu Banyň ussahanasyny” döretmek üçin geldiler

Hytaýly professorlar Türkmenistana “Lu Banyň ussahanasyny” döretmek üçin geldiler

584
15 Iýul. 09:44

Hytaýyň Sian Nebit Uniwersitetiniň hem-de Hebeý Nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň professorlary we mugallymlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasyny döretmek maksady bilen iş sapary bilen Türkmenistana geldiler.

Iş saparynyň dowamynda hytaýly hünärmenler türkmen uniwersitetiniň ýaş mugallymlary üçin informatika we amaly geologiýa ugurlarynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy boýunça bir hepdelik hünär kämilleşdiriş okuwyny geçirerler.

Bu hyzmatdaşlygyň esasyny 2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Siýan Nebit Uniwersiteti, Hebeý Nebit hünär-tehniki uniwersiteti, Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasy we Bilim pudagynda halkara hyzmatdaşlyk boýunça Hytaý assosiasiýasy tarapyndan “Lu Banyň ussahanasyny” açmak baradaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama goýuldy.

Saparyň çäklerinde ýurduň beýleki degişli ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmak hem göz öňünde tutulýar.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok