Aşgabat, Emirates National Oil Company (ENOC) we Dragon Oil kompaniýasynyň başlygy Onuň Alyhezreti Seýid Muhammet Al Taýeriň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli delegasiýanyň gatnaşmagynda 30-njy “Türkmenistanyň nebiti we gazy - OGT 2025” halkara maslahatyny we sergisini geçirmäge taýýarlanýar.
22-nji oktýabrda Aşgabatda dünýä energiýa pudagynyň öňdebaryjy wekillerini bir ýere jemlän "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda global energiýanyň geljegini kesgitlemek - innowasiýa, energiýa geçişi we strategiki hyzmatdaşlyk" şygary bilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy - OGT 2025” atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi geçiriler.
Maslahaty nebit-gaz pudagy üçin jogapkär Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Amanow açar. Emirates National Oil Company (ENOC) we Dragon Oil kompaniýasynyň başlygy Onuň Alyhezreti Said Muhammet Al Taýer açylyş dabarasynda "Çydamly hyzmatdaşlyk: Geçmişe hormat goýmak, geljegi berkitmek" atly mowzukly programma bilen çykyş eder.
Açylyş dabarasyna ministrler, ilçiler we iri halkara nebit-gaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşar.
Açylyş dabarasyna hormatly gatnaşyjylar:
Alyhezreti Jurabek Mirzamakhmudow, Özbegistan Respublikasynyň Energetika ministri; Orhan Zeynalow, Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministriniň orunbasary; Andrea Stegher, Halkara gaz bileleşiginiň (IGU) prezidenti; Muhammet Jukris Abdul Wahab, PETRONAS-yň ýerine ýetiriji wise-prezidenti; Waleri Dukros, Global gaz merkeziniň (GGC) ýerine ýetiriji direktory; we S&P Global kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary we CERAWeek-iň başlygy doktor Daniel Ergin.
“Dragon Oil” (Türkmenistan) Ltd., şu ýyl ýene bir gezek OGT 2025-iň baş hyzmatdaşy bolup, Türkmenistanyň energiýa pudagynda esasy strategiki hyzmatdaş hökmünde statusyny tassyklady.
OGT 2025-e gatnaşmak üçin şu güne çenli 70-den gowrak ýurtdan 1400-den gowrak delegat hasaba alyndy we 100-den gowrak sergi kompaniýasy Türkmenistanyň iň uly we iň möhüm energiýa sergisi bolan OGT EXPO-da iň täze tehnologiýalaryny we innowasiýa çözgütlerini hödürlär.
Hemaýatkärler we maslahatyň programmasy barada doly maglumat www.ogt-turkmenistan.com resmi saýtynda.





