Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistandan energiýa hünärmenleri Italiýadaky tehnologiýa seýilgählerini öwrendiler

Türkmenistandan energiýa hünärmenleri Italiýadaky tehnologiýa seýilgählerini öwrendiler

1.627k
27 Sen. 05:50

Türkmenistan Döwlet Energetika Institutynyň wekileri 22–24-nji sentýabr aralygynda Italiýanyň Milan şäherine geçirilen sapar wagtynda tehnologiýa seýilgählerini döretmekde iň oňat tejribeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen hünärmenleriniň sapary EHHG-nyň goldawy bilen gurnaldy diýip, Aşgabadyň EHHG merkezinde Takyga habar berdiler.

Türkmenistandan gelen hünärmenler Ewropa Birleşiginiň Komissiýasynyň Energiýa tygşytlylygy we gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça bilelikdäki gözleg merkeziniň we Milanyň Politehniki uniwersitetiniň kärdeşleri bilen duşuşdylar. Duşuşyklarda tehnologiýa seýilgählerini döretmek we işlemek bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk we ingenerçilik ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen delegasiýasynyň agzalary Turin şäherindäki “Parco Scientifico Tecnologico per l'Ambiente” (Daşky gurşawy goramak üçin ylmy we tehnologiki seýilgäh) sapary wagtynda tehnologiki energiýa seýilgähiniň işleri bilen tanyşdylar.

Aşgabatdaky EHHG-nyň Merkeziniň Ykdysady we daşky gurşaw bölüminiň başlygy Oliwera Zurowack-Kuzmanyň belleýşi ýaly, bu sapar Türkmenistan hökümeti bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyny we energiýa tygşytlaýyş tehnologiýalaryny ösdürmekde hyzmatdaşlygyň çäginde gurnaldy.