Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabryndan 9-njy oktýabry aralygynda Germaniýada geçiriljek “Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlygy” atly maksatnamasyna gatnaşarlar. Bu missiýanyň maksady nemes tejribesini öwrenmek we potensial hyzmatdaşlary tapmak.
Delegatlar nemes kompaniýalaryna baryp görerler, okuw seminarlaryna gatnaşarlar we ýerli işewürler bilen duşuşarlar. Bu, gatnaşyjylara “ Germaniýada öndürildi” pelsepesi bilen tanyşmaga we işlerinde täze tejribeleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer.
Azyk senagaty we oba hojalygy, ýaşyl tehnologiýalar we akylly ekerançylyk, dokma, derman we himiýa senagaty, ýokary tehnologiýalar, gurluşyk, logistika we ulag ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk öser.
Nemes kompaniýalarynyň, esasanam energiýa tehnologiýalary, maşyn gurluşygy, suw dolandyryşy we lukmançylyk ugurlarynda Türkmenistany geljegi uly hyzmatdaş hökmünde görýändigini bellemelidiris.