«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şanyna Arkadag şäherinde dabara geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» toparyny 3 million manat pul baýragy bilen sylaglady.
Gahryman Arkadagymyzyň çözgüdi bilen toparyň agzalaryna 1000 ýewrodan jemi 17 000 ýewro pul baýragy gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda toparyň seýsi - topar ýolbaşçy Serdar Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakyldy.
Topara Awazadaky “Daýanç” sagaldyş merkezinde 10 günlük dynç alyş ýollanma we başga gymmat bahaly sowgatlar hem gowşuryldy.

Dabaranyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagy görkezildi hem-de sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Hormatly Prezidentimiz gutlady.
Gahryman Arkadagymyzyň Monako knýazlygynda iş saparynda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy.
Olaryň arasynda: Festiwalyň Baş baýragy, ýaş ýetginjek eminleriň baýragy, Italiýanyň sirkiniň baýragy, festiwalyň tomaşaçylarynyň baýragy, Hindistanyň sirkiniň baýragy, Monte-Karlo 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň şahadatnamasy.




