11-nji awgustda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulýew Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Belarusdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nguyen Wan Trung bilen Türkmenistanyň ilçihanasynda duşuşdy.
Diplomatlar ikitaraplaýyn we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen konstruktiw gepleşik geçirdiler. Taraplar gatnaşyklaryň ähli möhüm ugurlarda - ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde oňyn dösüşi derejesini bellediler:
Ilçi Şagulýew Türkmenistanyň hemişe özara peýdaly hyzmatdaşlyga taýýar bolan ygtybarly hyzmatdaşdygyny aýtdy. Söhbetdeşligiň dpwamynda Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki möhüm başlangyçlaryna aýratyn ünsi çekdi. Hususan-da, ilçi ýurduň başlangyjy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň biragyzdan goldamagy bilen 2025-nji ýylyň Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigini ýatlatdy. Bu sene aýratyn ähmiýete eýedir, sebäbi Türkmenistan 12-nji dekabrda halkara jemgyýetçiligi tarapyndan sebitleýin durnuklylygyň we durnukly ösüşiň möhüm faktory hökmünde ykrar edilen bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyny belleýär,
Mundan başga-da, ilçi kärdeşine Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty barada aýtdy. Forumyň ösüş anyk meselelerini çözmäge, logistika çykdajylaryny azaltmaga we dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagy güýçlendirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin esasy platforma bolandygyny aýtdy.
Wýetnamyň ilçisi mähirli garşylanandygy we çuňňur manyly duşuşyk üçin öz minnetdarlygyny bildirdi. Ol öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady we ikitaraplaýyn dialogyň we köptaraplaýyn formatlarda özara hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýtdy. Nguyen Wan Trung, Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji başlangyçlaryna we halkara ynamyny berkitmekdäki goşandyna ýokary baha berdi.