Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistanyň DIM-nde Hytaý Halk Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşyk geçdi

Türkmenistanyň DIM-nde Hytaý Halk Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşyk geçdi

633
15 Awgust. 11:55

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 14-nji awgustda bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşiniň derejesine ýokary baha berdiler, Diplomatlar Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri hökmünde iň ýokary syýasy derejedäki yzygiderli dialogyň ähmiýetini nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde geçirilmegi meýilleşdirilýän saparlara we duşuşyklara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi