Screen not supported


Oýun sanawy

Awtokombinat-Gökdepe täze awtobus gatnawy ýola goýulýar

Awtokombinat-Gökdepe täze awtobus gatnawy ýola goýulýar

362
30 Sen. 12:39

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan başlap, Awtokombinat-Gökdepe ugry boýunça täze awtobus gatnawynyň ýola goýulýandygyny habar berýär.

Täze ugur boýunça awtobuslar hepdäniň her güni Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Awtokombinat bellenen nokadyndan we Gökdepeden bir wagtda — irden sagat 06:00-da ugrar.

Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz:

+99361-49-34-95; 44-35-20.