Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi XX Aziýa oýunlaryna giriziljek 11 sany kibersport görnüşleri barada yglan etdi. Oýunlar 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabryndan 4-nji oktýabryna çenli Aiti-Nagoýide (Ýaponiýa) şäherinde geçiriler.
Bu baradaky karar 22-nji fewralda onlaýn-görnüşinde geçirilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisinde kabul edildi.
2026-njy ýylda Aiti-Nagoýide geçiriljek Aziýa oýunlary üçin tassyklanan görnüşler aşakdakylary öz içine alýar:
- Street Fighter 6
- Pokémon Unite (täze)
- Honor of Kings (Arena of Valor çalşar)
- League of Legends – Aziýa oýunlary üçin görnüşi
- PUBG Mobile – Aziýa oýunlary üçin görnüşi
- Mobile Legends: Bang Bang (täze)
- Dream Three Kingdoms
- NARAKA: BLADEPOINT (täze)
- Gran Turismo (täze)
- eFootball Series (täze)
- Puyo Puyo Champions (täze)