«Türkmenistanyň Poçta aragatnaşyk agentliginiň «Türkmenpoçta» döwlet kärhanasynyň Daşoguz welaýat poçta aragatnaşyk kärhanasynyň hünärmenleri maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny kämilleşdirmek we poçta aragatnaşygynyň ulanyjylarynyň sanyny artdyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitindäki ähli şäherlerde we etraplarda, şeýle hem köp sanly oba ilatly ýerlerinde täze poçta aragatnaşyk binalary gurlup, ulanylmaga berildi.
Daşoguz welaýat poçta aragatnaşyk kärhanasynyň Merkezi bölümi №14 ýurdumyzyň çäklerinde ekspress-poçta we çalt eltip bermek hyzmatlaryny ilata hödürleýär.
Kärhananyň ähli bölümlerinde poçta hyzmatlarynyň doly tapgyry ýerine ýetirilýär: hat-habar kabul edilýär, gaýtadan işlenýär, saklanylýar we adresata eltilýär. Müştäriler pul geçirimlerini alyp bilerler, döwürleýin neşirlere abuna ýazylyp bilerler, degişli harytlary satyn alyp, wi-fi hyzmatlarynyň tölegini töläp bilerler.