Aktauda 28-nji awgustda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimi Hodjamyrat Aşirmyradow we Gazagystanyň Mangistau sebitiniň Akimi Nurdaulet Kilybaýyň arasynda duşuşyk geçdi. Taraplar 2025–2027-nji ýyllar üçin strategiki hyzmatdaşlyk meýilnamasyny we sebitara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Nurdaulet Kilybaý, Mangystau sebitiniň Balkan welaýaty bilen hyzmatdaşlygyň ösmegi üçin hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy. Nebit we gaz pudagynda, logistika, oba hojalygynda, şeýle hem medeni we syýahatçylyk ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýokary potensialy belläp geçdi.
Teklipleriň biri serhetýaka sebitleriň ýaşaýjylary üçin 5 günlük wizasyz rejimini dikeltmek boldy. Taraplaryň pikiriçe, bu ynsanperwerlik, medeni we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşar.