Portugaliýaly futbolçy Kristiano Ronaldo Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” topary bilen täze şertnama baglaşdy diýip, “Bola” habar berýär.
Er-Riýadyň topary bilen täze şertnama ýene bir möwsüm - 2026-njy ýylyň iýun aýyna çenli dowam eder. Ýylda 200 million ýewro almagy dowam etdirer, ýöne goluň mukdary we täjirçilik girdejisi sebäpli bu mukdar artyp biler.
Ronaldo 5-nji fewralda 40 ýaşady. "Al Nasr" toparynda 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri oýnap gelýär we şondan soň Saud Arabystanynda 90 oýun oýnap, 81 pökgi geçirdi. Bu möwsüm 20 oýunda 17 pökgi geçirdi.
Ronaldo Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen Ýewropanyň çempiony, “Ballon d'Or”-yň bäş gezek ýeňijisi we resmi oýunlarda dünýä futbolynyň taryhynda iň köp gol salan oýunçy.



