Screen not supported


Oýun sanawy

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda "sanly ulgamyň attaşesi" belleniler

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda "sanly ulgamyň attaşesi" belleniler

2.007k
15 Okt. 05:10

Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Dmitriý Grigorenko Türkmenistana iş sapary bilen gelip gitdi. Sapardan soň türkmen tarapy bilen Russiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda Russiýanyň IT-çözgütlerini öňe sürmek üçin "sanly ulgamyň attaşesiniň" wezipesini döretmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu barada Takyk saýtynyň habarçysyna Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda habar berdiler.

Häzirki wagtda şeýle hünärmenler Hytaýda, Argentinada we Indoneziýa ýaly 19 ýurtda işleýär. Ylalaşyga görä, " sanly ulgamyň attaşesi" şu ýylda Aşgabatda işe başlar.

"Soňky halkara saparlaryndan alnan tejribe, Russiýanyň IT-çözgütleriniň diňe bir ýurduň içinde däl, eýsem halkara hyzmatdaşlaryň arasynda-da uly islegiň bardygyny görkezdi. Biz bu gyzyklanmany goldamak isleýäris we "sanly ulgamyň attaşesiniň" hyzmatyny Russiýanyň IT-taslamalaryny daşary ýurtlarda netijeli ösdürmegiň gurallaryň biridir diýip umyt edýäris», - diýip Grigorenko beledi.

Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary Russiýanyň ýokary eksport potensialy bilen bäsdeşlige ukyply IT-tehnologiýalaryny ösdürendigini aýtdy. Bularyň arasynda iri dil modelleri, gözleg guralary, wirusa garşy programmalar üpjünçiligi we biometrik hyzmatlary bar.

Dmitriý Grigorenko Aşgabatdaky iş saparynyň çäklerinde Türkmen döwlet telekommunikasiýa we informatika institutyna hem baryp gördi we talyplara sanlylaşdyrmagyň we bu ugurdaky hünärmenleri taýýarlamagyň esasy talaplary barada leksiýa berdi.