Screen not supported


Oýun sanawy

Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi film görkezilişine çagyrýar

Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi film görkezilişine çagyrýar

271
08 Okt. 03:58

Aşgabatda 10-njy oktýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde türkmen dilinde “Şetdaly agajynyň kölegesinde” çeper filminiň görkezilişi bolar. Bu barada Takyk saýtyna Medeniýet merkezinde habar berdiler.

Giriş mugt. Öňünden hasaba alyş açyk, 93-42-11 belgä jaň etmeli ýa-da Medeniýet merkezine baryp hasaba durmaly.

Eýran kinosy 20-nji asyryň başynda ýüze çykdy, ýöne zehinli kinorežissýorlaryň täze nesliniň kömegi bilen 1979-njy ýyldaky Yslam Rewolýusiýasyndan soň bu pudak gülläp ösdi. Eýran kinosynyň ussatlary halkara derejesinde mynasyp baha alan, mähirli we durmuş joşgunyny berýän filmleri döredýärler. Bu ýaş zehinler realizmi, poeziýany we milli hakykylygy birleşdirýän özboluşly ýörelgäni döretdiler.