Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň stendi Kids Expo sergisine gelýänleriň ünsüni özüne çekdi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň stendi Kids Expo sergisine gelýänleriň ünsüni özüne çekdi

1.963k
22 Awgust. 10:26

Aşgabatda 21-23-nji awgust aralygynda “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi we ýarmarka geçirilýär.

Sergä gatnaşanlaryň arasynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem bardy. Olaryň stendy myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Hususan-da, Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň kubogy we Arkadag futbol klubynyň gazanan medallary stendde görkezildi. Myhmanlar abraýly kubok bilen surata düşip bildiler.

Uly ekranda milli çempionat oýunlarynyň we Türkmenistan milli ýygyndysynyň oýunlary görkezildi. Ýaş myhmanlar üçin “PlayStation” konsoly bolan oýun meýdançasy hem gurnaldy. Ýeňijiler federasiýadan ýatdan çykmajak sowgatlar aldylar.

Çeşme: Türkmenistanyň halkara habarlar portaly