Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 7-nji awgustda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaým bilen duşuşyk geçirdi.
Ministr ABŞ-nyň wekiliýetiniň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşandygy üçin amerikan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da şu ýylyň dowamynda syýasy geňeşmeleri geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.
Şeýle hem, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän goşmaça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.