Screen not supported


Oýun sanawy

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy welaýat kitaphanalaryna kitap sowgat etdi

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy welaýat kitaphanalaryna kitap sowgat etdi

1.054k
09 Awgust. 07:16

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wagtlaýyn ynanylan wekili Hosaka Hideki Marynyň we Lebabyň welaýat kitaphanalaryna baryp gördi. Diplomat «READ JAPAN PROJECT» taslamasynyň çäginde welaýat kitaphanalaryna kitap sowgat berdi.

Marynyň we Lebabyň welaýat kitaphanalary köpugurly medeni merkez bolup, olarda sergi zallary, teleskoply obserwatoriýalar we degişli sebitlerde tapylan gadymy resminamalar bar. Şeýle infrastruktura ýerli ýaşaýjylara bilim we medeni taýdan kämilleşmek üçin giň mümkinçilikler döredýär.

“READ JAPAN PROJECT” taslamasy Ýaponiýa barada maglumatlary giňden ýaýratmak üçin Nippon gaznasy we Tokio gaznasy tarapyndan 2008-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilýär. Taslamanyň çäginde dünýädäki kitaphanalara we barlag institutlaryna kitaplar sowgat edilýär.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok