Türkmenistanyň Mejlisi BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we halkara guramalar bilen bilelikde ýurdumyzda çagalaryň hukuklary baradaky habarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen tomusky çagalar dynç alyş merkezlerinde her ýylky umumymilli okuw sapaklaryny gurady. Okuw sapaklaryň guralmagyna BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasy, Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasy gatnaşdy.
Okuw sapaklary Gökderedäki "Ýaşlyk", Daşoguz welaýatyndaky "Bagtyýar nesil" hem-de Mary welaýatyndaky "Arkadagyň bagtyýar nesilleri" çagalar dynç alyş merkezlerinde geçirildi. Oňa 8-den 12 ýaşa çenli çagalardan ybarat toparlar gatnaşdy.
Okuw sapaklaryna gatnaşyjylar Çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýanyň esasy düzgünleri bilen interaktiw oýunlaryň we ýumuşlaryň üsti bilen tanyşdylar. Şeýle hem animasion wideolaryň görkezilişi boldy.
Bu okuw sapaklary Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamanyň çäginde geçirildi.