«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 7-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Portugaliýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Ana Izabel Ksawýeriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Myhman BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) üstünlikli geçirilendigine beýik baha berip, mähirli myhmansöýerligi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Taraplar ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, hem halkara düzümleriň, hususan-da BMG-niň çägindäki gatnaşyklara garadylar.
Diplomatlar okeanografiýa, sanlylaşdyrma we beýleki özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan Ana Izabel Ksawýer türkmen tarapyny şu ýyl Portugaliýada geçiriljek Web Sammit 2025 maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan konstruktiw hyzmatdaşlygy berkitmäge isleglerini beýan etdiler.