Screen not supported


Oýun sanawy

Wenada Türkmenistanyň bitaraplygynyň roly ara alnyp maslahatlaşyldy

Wenada Türkmenistanyň bitaraplygynyň roly ara alnyp maslahatlaşyldy

1.759k
Bugün 10:45

Wena şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-e agza döwletleriň ünsüni halkara gatnaşyklarda hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine ýene-de bir gezek çekdi. Ara alyp maslahatlaşma ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti Pere Žoan Pons Sampýetro tarapyndan Hemişelik Geňeşe ýetiren hasabatyň çäklerinde geçirildi.

Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen hem-de ýurduň daşary syýasatynyň binýady bolmagynda galýan oňyn bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň çäklerinde dialogy berkitmäge, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin bitaraplyk ýörelgelerini öňe sürmäge gönükdirilen çäreleri hem öňe sürdi.

Mejlisiň dowamynda özara ynanyşmagy hem-de hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm guraly hökmünde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmäge gönükdirilen yzygiderli maslahatlaryň geçirilmeginiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi