Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň (WCO) Baş sekretary Ýan Saundersiň duşuşygy bolup geçdi. Duşuşyk, Baş sekretaryň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana saparynyň çäginde geçirildi.
Taraplar duşuşykda Türkmenistanyň gümrük ulgamynda alnyp barylýan döwrebap özgertmeler, gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylmagy, şeýle hem gümrük işinde halkara hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar. Şeýle hem, Bütindünýä gümrük guramasy bilen bilelikdäki okuw we bilim maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi, aýratyn-da Türkmenistandaky Sebitleýin okuw merkeziniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyk tamamlanandan soň, wekiliýetler Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördüler we Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Ýan Saunders portuň infrastrukturasy we bu ýerde ýükleriň hem-de ýolagçylaryň netijeli gatnawyny üpjün etmek üçin döredilen şertler bilen ýakyndan tanyşdy.