Türkmenistanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti ýakynda Monako Knýazlygyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti iş saparynyň çäklerinde ilki bilen Monako Knýazlygynyň Milli Geňeşiniň Başlygy bilen bolan duşuşygynda saglygy goraýyş işiniň, daşky gurşawy goramak tagallalarynyň we bu ugurdaky halkara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Şeýle-de türkmen wekiliýetiniň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşygy boldy.