Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmen talybyň işi halkara bäsleşikde 1-nji orny eýeledi

Türkmen talybyň işi halkara bäsleşikde 1-nji orny eýeledi

1.820k
25 Mart. 09:58

Türkmenistanly talyp Gowşut Akmyradowyň ylmy işi 17-20-nji mart aralygynda Germaniýanyň Rust şäherinde geçirilen “CloudFest 2025” halkara sergisinde we bäsleşiginde “Innowasiýa maliýe we elektron hasabaty” dalaşgärliginde birinji orny eýeledi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berdi.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Kiber-fiziki ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Gowşut Akmyradow «Bank plastik kartlary arkaly pul geçirilişini amala aşyrýan «Sanly_birlik» kömekçi programma üpjünçiliginiň mümkinçilikleri» atly ylmy işini hödürledi. Eminler taslamany ýokary bahalandyryp, ony «Innowasion maliýeler we elektron hasabatlylyk» ugrunda ýeňiji diýip yglan etdiler. Bäsleşigiň guramaçylary oňa diplom we ýadygärlik sowgat gowşurdylar.



























KATEGORIÝALAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok