2025-nji ýylyň 28-nji martynda Aşgabatda “NomadMania” halkara syýahatçylyk jemgyýetiniň ilkinji duşuşygy geçiriler.
Duşuşygy geçirmek başlangyjy Merkezi Aziýa sebitindäki “NomadMania” jemgyýetiniň ilçisi Akbäbek Taganowa degişli. Ol dünýäniň 100 ýurduna baryp gören meşhur syýahatçy. Akbäbek öz bu üstünligini Türkmenistanda yglan edilen Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylyna bagyşlady.
Duşuşygyň esasy maksady Türkmenistanyň syýahatçylaryny birleşdirmekden, “NomadMania” meýdançasynyň mümkinçilikleri barada gürrüň bermekden we ýurdumyzyň syýahatçylyk jemgyýetiniň ösüşine goldaw bermekden ybarat.
Gatnaşmak üçin bit.ly/nomadashgabat sahypasynda hasaba alynmaly. Bu internet salgyda gysga sorag-jogap sahypasyny doldurmaly, şondan soň gatnaşyjylar çäräniň geçiriljek ýeri bilen jogap hatyny alarlar.



