Türkmeniň halkynyň kuştdepdi tansy diňe bir ýurdumyzyň professional we höwesjeň tans toparlarynyň arasynda däl, eýsem daşary ýurtly artistleriň hem ünsüni özüne çekýär. Bu özboluşly tans 2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Astanada Rahmadiýew adyndaky Döwlet akademiki filarmoniýasynyň sahnasynda "Tamyr" atly täze taslamasyny hödürlän "Turan" etno-folklor ansamblynyň uly konsertiniň maksatnamasyna hem goşuldy.
Konsertiň dowamynda gazak, türkmen, gyrgyz, özbek, azerbaýjan, türk, wenger we saha ýaly türki dünýäsiniň dürli halklarynyň 30-dan gowrak milli saz guralynda eserler ýerine ýetirildi.
Ansamblyň esasy maksady gazak halkynyň döredijiligini gorap saklamakdan we wagyz etmekden, şeýle hem türki halklarynyň aýdym-saz mirasyny dünýä giňişliginde ýaýratmakdan ybarat.