Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ukrainadan tarapgöý häsiýetli habarlara garşy çäre görmegini talap etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ukrainadan tarapgöý häsiýetli habarlara garşy çäre görmegini talap etdi

1.493k
09 Iýul. 09:33

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi “FREEДОМ” ukrain teleýaýlymynda ýurdumyz barada tarapgöý häsiýetli maglumatlaryň ýaýradylmagy bilen baglylykda, Ukrainanyň degişli döwlet edaralarynyň ünssüzligine resmi taýdan nägilelik bildirdi. Ministrligiň resmi internet sahypasynda bu ýaly ýagdaýlaryň geljekde gaýtalanmazlygy üçin zerur çäreleriň görülmegi talap edilýär.

Bu beýanata sebäp bolan ýagdaý — 8-nji iýulda “FREEДОМ” teleýaýlymynda efire berlen telegepleşik boldy. Onda Türkmenistandaky internet elýeterliligi bilen baglanyşykly ýagdaýlar esasynda ýurduň “ýapykdygy” barada pikirler öňe sürüldi. Daşary işler ministrligi bu teleýaýlymyň wekilleriniň häzirki zaman Türkmenistanyň hakyky ýagdaýlary barada düşünjeleriniň ýokdugyny, hiç wagt ýurdumyza gelmändigini hem-de türkmen döwlet edaralary we žurnalistleri bilen hiç hili gatnaşyklary ýola goýmadyklaryny belläp geçdi.

Ministrligiň metbugat gullugy “FREEДОМ” teleýaýlymynyň bu görnüşdäki hakykata tarapgöý häsiýetli we hakykata laýyk gelmeýän maglumatlary ýaýratmagynyň ilkinji ýagdaý däldigini hem nygtady. Şeýle hereketleriň Ukrainanyň garaşsyzlygyny alaly bäri türkmen tarapynyň ukrain halkyna kömek hökmünde berip gelýän köpýyllyk ykdysady we ynsanperwer goldawynyň fonunda amala aşyrylýandygy aýratyn bellenilýär.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok