Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmen futbol federasiýasy AFC-nyň ygtyýarnama ulgamy we çagalaryň hukuklaryny goramak syýasaty boýunça seminaryňy geçirer

Türkmen futbol federasiýasy AFC-nyň ygtyýarnama ulgamy we çagalaryň hukuklaryny goramak syýasaty boýunça seminaryňy geçirer

1.378k
09 Iýul. 07:51

Türkmenistan Futbol Federasiýasy (TFF) 16-njy iýulda AFC-nyň ygtyýarnama ulgamy (CLAS) we futbolda çagalaryň hukuklaryny goramak syýasaty boýunça okuw seminaryny gurnar. Bu çäre häzirki zaman futbolynyň ösüşinde möhüm meseleleri öwrenmäge gönükdirilendir.

Seminaryň dowamynda TFF-niň hünärmenleri AFC-nyň ygtyýarnama ulgamynyň işleýiş ýörelgeleri, talaplary we düzgünleri barada giňişleýin maglumat bererler. Şeýle hem, bu ulgamda göz öňünde tutulan çagalaryň hukuklaryny goramak standartlaryna aýratyn üns berler.

Seminara gatnaşyjylar gyzyklandyrýan soraglary berip, federasiýanyň hünärmenlerinden düşündirişler alyp bilerler.

Isleg bildirýänler goşmaça maglumat üçin +99365551975 telefon belgisine jaň edip ýa-da licensing@the-tff.com elektron poçta salgysyna ýüz tutup bilerler.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok