15 ýaşly türkmenistanly türgen Käkilik Derýaýewa Almaty şäherinde geçirilýän kadetler arasynda dzýudo boýunça Aziýa Kubogynda bürünç medala eýe boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Aşgabat şäherindäki 37-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy bu üstünlige agramy 48 kilograma çenli bolan agram derejesinde, bäş döwletiň 25 türgeniniň gatnaşmagynda geçen ýaryşda ýetdi.
Türkmenistanly dzýudoçy medal ugrundaky göreşde dört ýeňiş gazandy. Ilkinji tapgyrda ol Özbegistandan Sarwinoz Abdusamadowany bary-ýogy 36-njy sekuntda «ippon» bilen ýeňdi. Soňra Mongoliýaly Hongorzul Ariunzorigi hem şol bir görnüşde ýeňdi. Çärýek finalda ol Özbegistandan Nargiza Dustmamtowa utuldy. Emma teselli ýaryşynda ol Özbegistandan Zarnigor Ulaşowany «ippon» bilen ýeňdi hem-de bürünç medal ugrunda bolan tutluşykda Gazagystandan Zlata Şwaýgerti ýeňlişe sezewar etdi.
Bu üstünlik zehinli türkmen dzýudoçysynyň halkara derejesindäki ilkinji uly üstünlikleriniň biridir. Käkilik Derýaýewa dzýudo göreşi bilen 2019-njy ýyldan bäri meşgullanýar, bu olimpiýa görnüşli sporty ilkinji gezek Batyr Annaýewiň ýolbaşçylygynda öwrenip başlady. Häzirki wagtda ol Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Tatyana Widýasowa we tälimçi Gülbadam Babamuratowa bilen türgenleşýär.
Almatyda geçirilýän kadetler we ýaşlar arasyndaky Aziýa Kubogy 11 döwletiň – Azerbaýjan, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Liwan, Mongoliýa, Russiýa, ABŞ, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistanyň – 788 türgenini bir ýere jemledi. Bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy topary 31 dzýudoçy bilen çykyş edýär.