Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Pekinde hytaý lukmançylygy boýunça tejribe geçdiler

Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Pekinde hytaý lukmançylygy boýunça tejribe geçdiler

2.057k
29 Iýul. 07:35

Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Pekin şäherindäki Adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetinde iki hepdelik önümçilik tejribesini tamamladylar. Önümçilik tejribeligi 14–28-nji iýul aralygynda iki ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygynyň çäklerinde geçirildi.

 

Hytaýly kärdeşler türkmen talyplary üçin baý mazmunly okuw maksatnamasyny taýýarladylar. Geljekki lukmanlar Pekin uniwersitetiniň öňdebaryjy professorlarynyň adaty hytaý lukmançylygynyň usullary – akupunktura, tuýna massažy we fitoterapiýa boýunça amaly sapaklara gatnaşdylar. Tejribe sapaklary uniwersitetiň klinikalarynda tejribeli hytaý hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda geçirildi.

 

Okuw çäreleri talyplara däp bolan we alternatiw bejeriş hem-de keselleriň öňüni alyş usullaryny ulanmak boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmaga we goşmaça hünär başarnyklaryna eýe bolmaga mümkinçilik berdi.

 

Medeni maksatnamanyň çäklerinde gatnaşanlar adaty hytaý lukmançylygynyň däpleri we taryhy bilen tanyşdyrýan tematiki sergilere hem-de gyzykly gezelençlere gatnaşdylar.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok