Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmen okuwçysy MGIMO-nyň halkara olimpiadasynyň ýeňijisi boldy we uniwersitete kabul edildi

Türkmen okuwçysy MGIMO-nyň halkara olimpiadasynyň ýeňijisi boldy we uniwersitete kabul edildi

1.888k
17 Iýul. 09:46

Türkmenistandan Marta Giris Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary instituty (uniwersitet) (MGIMO) tarapyndan gurnalan mekdep okuwçylarynyň arasyndaky Halkara olimpiadasynda ýeňiji boldy we uniwersitetiň halkara žurnalistikasy fakultetine okuwa kabul edildi. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Daşary ýurtly dalaşgärler üçin geçirilen giriş synaglarynyň iki tapgyrynyň netijeleri boýunça 180-den gowrak adam MGIMO-a kabul edildi.

"Ýeňijileriň sanawynda adymy görenimde ilki ynanmadym. Ýöne soňra bu hakykaty kabul etdim we muňa çäksiz begendim. Bu meniň arzuwuma tarap ädilen uly ädim boldy. MGIMO meni özümde bar bolan mümkinçilikleri açmaga, ynamymy artdyrmaga we geljekde hünärmen hökmünde belentliklere ýetmäge kömek etjekdigine ynanýaryn" diýip, ýeňiji aýtdy.

2024/25-nji okuw ýylynda olimpiada üçünji gezek geçirildi we ol dünýäniň dürli ýurtlaryndan 3182 gatnaşyjyny jemledi.

MGIMO-nyň üçünji tapgyrynyň çäklerindäki giriş söhbetdeşlikleri 18–24-nji iýul aralygynda geçiriler.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok