28-nji martda Witebskde milli medeniýet, döredijilik we gözellik boýunça "Grace International" atly VI açyk bäsleşigi geçirildi. Oňa Belarusyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyp gyzlar we ýigitler gatnaşdy. Olaryň arasynda Belarus Respublikasy, Zimbabwe, Hytaý, Russiýa, Tunis, Türkmenistan, Özbegistan, Şri-Lanka we Estoniýa ýaly dokuz ýurdyň wekili bar.
Bu ýyl bäsleşigiň aýratynlygy, ilkinji gezek diňe gyzlaryň däl, eýsem, ýigitleriň hem gatnaşmagydy. 7 gyz we 6 ýigit bilen bilelikde Belarus Döwlet informatika we radioelektronika uniwersitetinde okaýan türkmen talyby Gulmuhammet Gulmuhammedow finala çykdy. Ol "MISTER STIL" atly baýragyna eýe boldy.