Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmen okuwçylary halkara matematika olimpiadasynda alty medal gazandylar

Türkmen okuwçylary halkara matematika olimpiadasynda alty medal gazandylar

2.088k
04 Iýul. 12:35

Türkmenistanyň milli ýygyndysy sekiz ýaş okuwçydan ybarat bolup, Demirgazyk Makedoniýanyň Struga şäherinde 24–29-njy iýun aralygynda geçirilen 29-njy Balkan ýaşlar matematika olimpiadasynda (JBMO-2025) bir altyn, dört kümüş we bir bürünç medal gazandy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.

Altyn medaly Aşgabatdaky iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylan ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow gazandy. Şol mekdebiň okuwçylary Atabaý Akmuradow we Yeniş Akmämmedow kümüş medal bilen sylaglandy.

Ýene iki kümüş medaly bolsa, iňlis dillerini çuňlaşdyryp öwredýän Aşgabadyň ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçylary Ýusup Resulow we Parahat Ojarow aldylar. Bürünç medal bolsa, iňlis dili çuňlaşdyrylan 83-nji ýörite mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Omar Dowranowa berildi.

Şu ýyl bu abraýly halkara bäsleşige dünýäniň 23 ýurdunyň 135 okuwçysy gatnaşdy.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok