Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmen talyplary we mugallymlary Hytaýda halkara ykdysadyýet we söwda boýunça okuw maksatnamasyna gatnaşýarlar

Türkmen talyplary we mugallymlary Hytaýda halkara ykdysadyýet we söwda boýunça okuw maksatnamasyna gatnaşýarlar

1.990k
07 Awgust. 12:23

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyň hytaý dili mugallymy G.Baýramowa we hytaý dili hünäriniň talyplary Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde ýerleşýän Demirgazyk-Günbatar uniwersiteti tarapyndan geçirilýän halkara ykdysadyýet we söwda boýunça tomusky okuw maksatnamasyna gatnaşýarlar. Okuw maksatnamasy 12-nji iýul — 10-njy awgusty aralygynda geçirilip, hytaý dilini öwredýän daşary ýurtly mugallymlaradyr talyplara häzirki zaman usullary boýunça amaly we umumy sapaklary öz içine alýar.

 

Okuw maksatnamasyna gatnaşyjylar Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiň muzeýi, kitaphanasy we okuw binalary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem, olara hytaý halkynyň medeniýetini, hytaý medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolan çaýyň demleniş usullaryny, milli däp-dessurlaryny tanyşdyrmak maksady bilen, Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Sian şäheriniň meşhur ýerlerine, taryhy muzeýine gezelençler guraldy.

 

14 — 26-njy iýul aralygynda ady agzalan uniwersitet tarapyndan geçirilýän hünär kämilleşdiriş okuwyna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hytaý dili mugallymy G.Rejepowa gatnaşdy.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok