Türkmenistanyň zenan tennis topary 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Billi Jin King kubogy ugrunda halkara bäsleşiginiň saýlaw tapgyrynda Wýetnam toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn Asyr” neşirinde habar berilýär.
Bäsleşik dört toparça bölünen 14 ýurduň türgenleriniň gatnaşmagynda Malaýziýada geçirilýär. Türkmenistan Şri-Lanka we Wýetnam bilen bilelikde “B” toparçada çykyş edýär.
Toparçalaýyn tapgyryň netijelerine esaslanyp, iň oňat iki topar ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykar.