Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmen pälwanlary Aziýa çempionatynda iki bürünç medal gazandylar

Türkmen pälwanlary Aziýa çempionatynda iki bürünç medal gazandylar

1.995k
22 Iýul. 09:19

Türkmenistandan iki türgen 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda sport göreşi boýunça Bişkekde geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medallaryň eýesi boldular. Bu barada "Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.

Medallary Aşgabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Meret Durdyýew hem-de paýtagtymyzyň «Olimp» sport mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Jeýhun Hakberdiýew gazandy.

Meret Durdyýew erkin göreş boýunça 44 kg agram derejesinde bürünç medal eýesi boldy. Ol çärýek finalda Koreýa Respublikasynyň wekili Jiwon Paky 10:0 hasap bilen ýeňdi. Emma ýarym finalda Hindistanyň wekili, soňky çempion Aarýan Aarýana garşy 0:10 hasap bilen ýeňildi. Bürünç medal ugrunda geçirilen tutluşykda bolsa, ol Demirgazyk Koreýanyň pälwany Hun Bom Rini ýeňip, ýeňiş münberine çykdy.

Jeýhun Hakberdiýew 52 kg agram derejesinde grek-rim göreşi boýunça üstünlik gazandy. Ol çärýek finalda Gazagystanyň wekili Samga Ýermekden 0:10 hasap bilen ýeňilse-de, bürünç medal ugrunda Hindistanyň türgeni Şiwanand Ýadawy ýeňip, baýrakly üçünji orny eýeledi.



























TEGLAR BOÝUNÇA MEŇZEŞ

Maglumat ýok