Screen not supported


Oýun sanawy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» Aşgabat halkara howa menzilinden amala aşyrýan ýolagçy howa gatnawlaryň tertibini täzeleýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» Aşgabat halkara howa menzilinden amala aşyrýan ýolagçy howa gatnawlaryň tertibini täzeleýär

1.029k
20 Okt. 12:16

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» 2025-nji ýylyň 26-nji oktýabryndan 2026-njy ýylyň 28-nji mart seneleri aralygynda Aşgabat halkara howa menzilinden amala aşyrýan ýolagçy howa gatnawlaryň tertibi täzeleýär.

 

Täze meýilnama laýyklykda, Aşgabatdan dürli ýurtlaryň şäherlerine uçuşlar dürli ýygylyklarda amala aşyrylar.

 

Hepde-de 2 gezek: Dubaý (BAE), Abu Dabi (BAE), Pekin (Hytaý), Bangkok (Tailand), Hoşimin (Wýetnam), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), London (Angliýa), Frankfurt (Germaniýa), Milan (Italiýa) şäherlerine, Hepde-de 3 gezek: Jidda (Saud Arabystany), Deli (Hindistan), şeýle hem hepdede bir gezek Seul (Koreýa)şäherine uçuşlar bolar.

 

Mundan başga-da, hepde-de 6 gezek Stambul (Türkiye) şäherine, hepdede 4 gezek bolsa Kazan (Russiýa) şäherine uçuşlar amala aşyrylar.

 

Gatnawlaryň doly tertibini «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň» resmi web saýtynda görüp bilersiňiz.