Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi Atajan Möwlamow 11-nji awgustda Awstriýa Respublikasynyň Päkistanda täze bellenen ilçisi Wolfgang Oliwer Katçerany kabul etdi. Taraplar sebitdäki häzirki ýagdaýlar we gün tertibiniň beýleki möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Türkmen tarapy, sebitde Türkmenistanyň bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berdi.
Diplomatlar TOPH we TOP ýaly iri halkara energiýa taslamalaryna aýratyn üns berip, bu başlangyçlar diňe bir Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmekdäki roly bilen çäklenmän, eýsem sebitdäki energiýa howpsuzlygyny we özara arabaglanyşygy berkitmäge ýardam berýändigi bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar işjeň diplomatik gatnaşyklary saklamaga we Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy