Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň delegasiýasy Kanadanyň uniwersitetleri we döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin 10-18-nji awgust aralygynda Torontoda boldy.
Bu sapar jurnalistika, metbugat, aragatnaşyk, dolandyryş we emeli intellekt ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi.
Topara jurnalistika bölüminiň başlygy H. Ýuwşanow ýolbaşçylyk etdi, ol Kanada teleradioýaýlymlar korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi.
Taraplar häzirki zaman okuw usullaryny we bilelikdäki taslamalar üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.