Screen not supported


Oýun sanawy

Türkmenistan we Indoneziýa gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýarlygyny mälim etdiler

Türkmenistan we Indoneziýa gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýarlygyny mälim etdiler

362
04 Awgust. 10:05

Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow Indoneziýanyň Pakistanda täze bellenen ilçisi Çandra Warsenanto Sukotýon bilen duşuşdy.

 

Duşuşygyň dowamynda türkmen-indonez hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar söwda, maýa goýum, energiýa, ulag we logistika ýaly pudaklarda uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Diplomatlar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gönümel gatnaşyklary ýola goýmgyň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň we ikitaraplaýyn söwdany giňeltmegiň möhümdigini bellediler.

 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we yzygiderli konstruktiw gepleşikleri geçirmäge, şeýle hem sebitleýin we halkara derejedäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.